DÜNÝÄ

Kisida täzeden Premýer-ministrlige dalaşgär bolmaýar

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida 2024-nji ýylyň sentýabrynda täze möhlete premýer-ministri wezipesine dalaşgär bolmajakdygyny habar berdi. Ol bu barada gurnan metbugat ýygnagynda beýan etdi.

Kisida ýurdy dolandyrýan Liberal-demokrat partiýasynyň başlygy bolup durýar. Hökümet başlygy partiýada üýtgeşikleriň bolmagynyň zerurdygyny belläp, saýlawlaryň aç-açanlyk ýagdaýynda geçjekdigina ynam bildirdi.

Fumio Kisidanyň ornuna boljak dalaşgärleriň hatarynda ozalky goranmak ministri Sigeru Isiba we sanly tehnologiýalar ministri Taro Kono görkezilýär.

67 ýaşyndaky Fumio Kisida 2021-nji ýylyň sentýabrynda Liberal-demokrat partiýasynyň başlygy bolup, şol ýylyň oktýabrynda premýer-ministr wezipesine saýlanypdy.

 

Related posts

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri üçin agşamlyk duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Brifing :«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2021-nji ýyl»

vepa

Serdar Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburg şäherine sapary

Ata Watan Eserleri