TEHNOLOGIÝA

Žurnalistleriň işini tehnologik enjamlar ýerine ýetirer

“Microsoft” kompaniýasynyň garamagynda bolan «Microsoft News» we «MSN» habarlar gullygy onlarça žurnalisti we redaksiýanyň döredijilik işgärlerini işden çykarýar. Indi işden boşadylan žurnalistleriň ýerini dürli görnüşdäki ýokary hilli enjamlar, kompýuter ulgamy habarlary saýta ýerleşdirmäge kömek eder.

“Microsoft” kompaniýasy işden çykarylýanlaryň koronawirus pandemiýasy bilen gönüden-göni baglanyşykly däldigini aýtsa-da, teleýaýlymlarda, gazetlerde, resmi saýtlarda we başga köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde girdejileriniň azalmagy esasynda çykarylýandygy bilen düşündirilýär.

“Microsoft kompaniýasy” 1995-nji ýylda «MSN» habar gullugyny döretdi. Ol indi 25 ýyldan gowrak wagt bäri täzelikleri teleradioýaýlymlara paýlaýar. Iki ýyl mundan öň «Microsoft News» habar gullygynyň açylyş dabarasynda “Microsoft” kompaniýasy “dünýäniň 50 ýurdunda 800-den gowrak žurnalistiň bardygyny mälim etdi.”

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi