TEHNOLOGIÝA

“Reuters”: Ak Tam “TikTok” sosial ulgamynda resmi akkaunt açdy

ABŞ-nyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň resmi akkaunty “TikTok” sosial ulgamynda peýda boldy. Bu barada “Reuters” agentligi habar berdi.

Maglumata görä, “@whitehouse” atly akkaunt açyldy. Bu akkauntda Ilkinji çap edilen beýanat Donald Trampyň üstünliklerine bagyşlanan 27 sekuntlyk wideo ýazgy boldy.

“Newsweek” žurnalyň habaryna görä, wideo ýazgy ilkinji sagadyň dowamynda 7,5 müňden gowrak “like” we 500 teswir alypdyr. “TASS” habarlar gullugynyň habarçysynyň anyklamagyna görä, 20-nji awgust güni irden Ak Tamyň akkauntynda 63,5 müňden gowrak abunaçy bolupdyr, şol wagta çenli ýerleşdirilen üç wideo ýazgy jemi 102,1 müňden gowrak “like” gazanypdyr. Ilkinji wideo bolsa 44,5 müň “like” we 12,6 müň teswir toplapdyr.

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar