TEHNOLOGIÝA

Hytaý kosmosda Gün elektrik stansiýasyny gurýar

Hytaý gaýtadan dikeldilýän energiýany ýokary derejä çykarmak üçin kosmosda ilkinji Gün elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär.

Hytaý ilkinji gezek 2019-njy ýylda kosmosda Gün energiýasy bilen işleýän ilkinji stansiýany gurmak boýunça işe başlady. Gün energiýasy bilen energiýa öndürjek bu täze stansiýa, dünýädäki energiýa ýetmezçiligini hem köp derejede çözmäge mümkinçilik berer.

Kosmosda dörediljek we Gün energiýasy bilen işleýän bu stansiýa üznüksiz energiýa öndürer. Bu öndürilen energiýa Ýerde ulanylyp bilner.

Hytaý bu ägirt uly taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen 2028-nji ýylda kosmos giňişligine Gün elektrik stansiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Ol Ýeriň daşyndan aýlanyp durar.

Bu taslama bilen planetamyzdan 400 km uzaklykda aýlanýan hemra elektrik stansiýasy başlangyjynyň synagdan geçirilmegine getirer.

Emeli hemra Gün energiýasyny mikrotolkunlara ýa-da lazerlere öwürmek bilen ony Ýer ýüzünde belli nokatlara iberer.

Ilkinji synagda bary-ýogy 10 kilowat kuwwatlyk emele getiriler. Ýöne soňlugy bilen tehnologiýanyň ep-esli kämilleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.

 

 

Ýewropanyň iň uly dinozawrynyň galyndylary tapyldy

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi