DÜNÝÄ

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak hem-de suw düzümi ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça teswirnama gol çekdiler.

“Report” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow “X” sosial torundaky sahypasynda habar berdi.

Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ministr Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Hökümetara toparynyň türkmen tarapyndan başlygy Nökerguly Atagulyýew bilen bilelikde Azerbaýjan–Türkmenistan Hökümetara toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşdy.

“Mäjlisiň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk hem-de eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen ikitaraplaýyn Işewürler geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdik. Duşuşygyň jemleri boýunça ykdysadyýet we söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, suw düzümi hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy göz öňünde tutýan teswirnama gol çekdik” diýip, Jabbarow belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Kataryň Emiriniň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: «Bir oba, bir önüm» başlangyjy öňe sürülýär

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy