BIZNES

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda 1060 şertnama baglaşyldy

Russiýada geçirilen Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumyň çäkleride umumy bahasy 6 trillion rubla deň bolan 1060 sany şertnama baglaşyldy. Bu barada forumyň gurmaçylyk komitetiniň jogapkär sekretary Anton Kobýakow habar berdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti hem bu halkara foruma gatnaşdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet foruma gatnaşyp, birnäçe möhüm gepleşikler geçirdi.

– Forumyň netijeleri boýunça 1060 sany şertnama gol çekildi we olaryň umumy bahasy 6,3 trillion ruble deňdir – diýip, Kobýakow belledi. Onuň bellemegine görä, bu forumyň çäklerinde Russiýa-ABŞ bilen bir hatarda 23 sany işewürlik maslahatlary geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda geçirilen bu forumda 983 ylalaşyk gazanylyp, olaryň bahasy 6.43 trillion ruble deň bolupdy. Şonda bu foruma 139 döwletden wekiliýet gatnaşypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň harytlary: Stambulyň sergi sahnasynda

Mary etrabynda ammiak we ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurlar

«Uzynada» nebitgaz ýatagy elektrik energiýasy bilen üpjün ediler

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Pakistanyň portlarynyň hünärmenleri hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “BB- durnukly” reýting derejesi berildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri