DÜNÝÄ

Ýanwar-maý aýlary: 73 resminama gol çekildi

2025-nji ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti 73 resminama bilen ýetirildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5 aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýylyň başyndan bäri “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, şeýle hem Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy.

Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygynda saparda boldy, şeýle hem Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparlary, Fransiýa Respublikasyna resmi sapary we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Şu ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary boldy. Mundan başga-da, aprel aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary ýurdumyza sapary amala aşyrdy.

Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara bolan saparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 293-si geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikler hem-de duşuşyklar guraldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Ata Watan Eserleri