DÜNÝÄ

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, dürli ulgamlarda özara hereketleri giňeltmegiň, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

TÜRKMEN-UKRAIN SYÝASY GEŇEŞMELERI

Türkmenistanyň DIM-nde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ukrain wekiliýetine bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aratyn üns berildi.

Taraplar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň jemleri boýunça özara bähbitli ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň taýýarlygy tassyklanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy