BILIM

Türkmen ýaşlarynyň 67-nji Halkara matematika olimpiadasyndaky üstünlikleri

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim özgertmeleriniň möhüm talaplary hökmünde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, okuwçylaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklary üçin höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda dürli bäsleşikler geçirilýär, ýaşlaryň halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

2026-njy ýylyň iýul aýynyň 10–21-i aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «67th International Mathematical Olympiad, IMO-2026» atly 67-nji Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Halkara bäsleşigine jemi 119 döwletden 685, ýurdumyzdan 6 zehinli okuwçy gatnaşdy.

Halkara matematika olimpiadasynyň jemi boýunça, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş, Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili okuw dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow we şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow bürünç medallary gazanmagy başardylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda uniwersitetlere resminamalaryň kabul edilişini internet arkaly yzarlap bolýar

Dünýäniň iň owadan sözi belli boldy

Baku dünýäniň iň gowy talyp şäherleriniň TOP-100 sanawyna girdi

Türkmen ýaşlary Halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandy

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň bilim ministrleri Tbiliside duşuşdy