BILIM

Özbegistanda özbek-türk uniwersiteti dörediler

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň ýolbaşçysy (ÝÖK) Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Türk wekiliýeti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen gepleşikler geçirdi. Bu barada Özbegistanyň degişli ministrligi habar berýär.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda ýokary bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Özbegistanda Türkiýäniň öňdebaryjy bilim edaralarynyň gatnaşmagynda özbek-türk uniwersitetini döretmegi çaltlandyrmak meselesine garaldy. Bu barada ylalaşyk 2020-nji ýylyň awgustynda Özbegistanyň hökümet wekiliýetiniň Ankara amala aşyran saparynda gazanylypdy. Taraplar bu ugurda mundan beýläk ädiljek ädimleri beýan etdiler we ýakyn wagtda bar bolan meseleler barada ylalaşdylar.

Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýetilen sepgide ýokary baha berildi. Hususan-da, Türkiýäniň Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň Daşkent şahamçasy we Türkiýäniň Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň Buhara döwlet lukmançylyk uniwesitetindäki fakulteti netijeli iş alyp barýar.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda Türkiýäniň öňdebaryjy bilim edaralarynyň Özbegistanyň sebitlerinde inženerçilik işi, sungat, lukmançylyk, oba hojalygy we syýahatçylyk ugurlary boýunça täze şahamçalarynyň döredilmegi mümkinçiligi babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine taýýardyklary mälim edildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin goşmaça teklipler alyşdylar we ylalaşylan maksatnamalary we başlangyçlary öňe sürmek üçin ýakyn aragatnaşyk saklamak barada ylalaşdylar.

 

“Awstraliýa Açyk” finaly: Nadal-Medwedew

Ýene-de okaň

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler

Kaliforniýada Türkmen mekdep okuwçylary Ata Watanymyzy tanyşdyrdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň wekiliýeti “OpenAI” kompaniýasy bilen emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar