Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy we organiki däl himiýa instituty bilen Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň arasynda ylmy barlaglar boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi. Bu barada Özbegistanyň Ylymlar akademiýasy habar berýär.
Bu resminamanyň maksady iki goňşy ýurduň arasynda ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, innowasiýa çözgütlerini goldamakdan we sebitleýin meseleleriň çözgütlerini bilelikde tapmakdan ybaratdyr.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary:
– Mineral dökünler, adsorbsion tehnologiýalary we himiki katalizator pudagynda barlaglar geçirmek.
– Döwlet maksatnamasynyň çäginde ylmy barlag taslamalaryny bilelikde işläp düzmek we durmuşa geçirmek;
– Alymlar, magistr we doktorantlar üçin tejribe we hünär ösüş mümkinçiliklerini döretmek;
– Laboratoriýa enjamlaryny özara ulanmak we ylmy bilim alyşmak;
– Makalalar we patentler boýunça awtordaş bolup çykyş etmek.
Bu ähtnamanyň çäginde indiki ädim sebitdäki himiýa ylmyny halkara derejesine çykmagyna mümkinçilik döredýän, daşky gurşaw, senagat we tehnologiki meseleleriň bilelikde çözülmegine ýol açjak iki goňşy ýurduň ylmy mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi bolar.