SIZDEN GELENLER

Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary bu günki günde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda köpsanly halkara derejeli çäreler geçirilýär. Şolaryň biri hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatdyr.

Bu maslahatda eden taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyz: «Häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Geografiýa taýdan serişdelere esaslanýan, döwrebap tehnologiýalardan, ekologik standartlardan, netijeli çözgütlerden döredilen uly ykdysady ösüşiň döwri geldi. Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr» diýip belledi. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty bu günki günde özüniň oňyn netijelerini berýär. Türkmen halkynyň dost-doganlyk gatnaşyklary, ekologiýa abadançylygy we durnukly ösüşi energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini, bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýär. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler.

Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly mesele hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki işiniň üns merkezinde durýar. Merkezi Aziýada daşky gurşaw meselelerine strategik taýdan çemeleşmekde möhüm ädim hökmünde ýurdumyz ýöriteleşdirilen düzümi — BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyna ygrarly bolmagynda galýar.

Daşky gurşawy gorap saklamak, oňa aýawly çemeleşmek boýunça Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz tarapyndan uly işler durmuşa geçirilip, ekologiýa kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Daşky gurşawy goramak ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilmegi, bu babatda birnäçe kanunlaryň kabul edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Esasy Kanunymyzda beýan edilýän ýörelgeler we kabul edilen kanunlar amatly daşky gurşawa bolan konstitusion hukugyny kepillendirmek bilen, ekologiýany, daşky gurşawyň hukuk esaslaryny kesgitleýär, amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işleriň tebigata zyýanly täsirleriniň hem-de ekologiýa abadançylygyna abanýan howplaryň öňüni almak bilen baglanyşykly seresaplylyk çäreleriniň geçirilmegine degişli meseleleri düzgünleşdirýär.

Ýurdumyz halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Kanunlara hem-de beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip gelýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň ahyrynda BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň tarapdarlarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guralan 28-nji maslahatynda ýurdumyzyň ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny we onuň şertlerini ýerine ýetirmäge taýýardygyny yglan etmegi Türkmenistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak ugrundaky işjeňliginiň aýdyň güwäsi boldy. Şonuň bilen birlikde-de, ol ýurdumyzyň Howanyň üýtgemegi hakyndaky Milli strategiýasynyň durmuşa ornaşdyrylýandygyny doly tassyklady.

Ýurdumyzda, ýokarda hem bellenilişi ýaly, toprak, suw meseleleriniň ygtybarly çözülmeginiň ekologiýanyň gowulandyrylmagynda esasy orunda durýandygyny göz öňünde tutmak bilen amala aşyrylýan çäreler hem uly ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda Türkmenistanyň «Ýer hakyndaky», «Suw hakyndaky» Kanunlarynda anyk wezipeler kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki resminamalarda hem ekologiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreler barada aýratyn nygtalyp geçilýär.

Häzirki ajaýyp döwürde ýurdumyz ösüşiň hem-de rowaçlygyň täze tapgyrynda ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Bägül Musaýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň

Gündogar diller we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi. 

Ýene-de okaň

Informatika we kompýuter tehnologiýasy

Maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetdäki orny we ähmiýeti

Döwletli ýörelgeler dünýä ýaýylýar

3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy güni

Sagdynlyk – ýaşaýşyň bezegi

Taryhyň buýsançly sahypalary