JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ozal habar berşimiz ýaly, häzirki döwrüň nusgalyk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň 30 müň orunlyk metjidiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine bardy.

Milli Liderimiz bu ýer­de il­çi­ler, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry bi­len söh­bet­deş bol­dy.

Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da ha­jy Arkadagymyz ýur­du­myz­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da met­jit­le­riň gur­lu­şy­gy­na giň­den ba­dal­ga ber­len­di­gi­ni, hä­zir­ki dö­wür­de bol­sa hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň, şol san­da met­jit­le­riň gur­lu­şy­gy­nyň yzy­gi­der­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Milli Liderimiz Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň iş­jeň gat­naş­mak­la­ryn­da milli aňy­ýe­tiň pug­ta­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny, yla­hy­ýet fa­kul­te­ti­niň açy­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şol ugur­dan en­çe­me ýaş­lar bi­lim al­dy. Şol ýyl­lar­da ýur­du­myz­da il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da Kö­şü­de arap do­gan­la­ry­my­zyň bi­na et­me­gin­de Şe­hit­ler met­ji­di gu­rul­dy. Türk do­gan­la­ry­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Är­tog­rul Gazy met­ji­di bi­na edil­di. Gahryman Arkadagymyz Gök­de­pe met­ji­di­niň hem gur­lan­dy­gy­, Gyp­jak­da­ky baş met­ji­diň ulan­ma­ga ber­len­di­gi­ we gur­lu­şyk­çy­la­ry­my­zyň tej­ri­be­si­niň art­ma­gy bi­len, paý­tag­ty­myz­da hem-de we­la­ýat­lar­da öz ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan met­jit­le­riň gur­lan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry be­ýan et­di. Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu gün bol­sa döw­re­bap Arkadag şä­he­rin­de 30 müň orun­lyk met­ji­diň gu­rul­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, onuň gur­lu­şy­gy ba­bat­da bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň tek­lip­le­ri ýa-da pi­kir­le­ri bar bol­sa, ola­ra se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Arkadagymyz hä­zir­ki wagt­da met­ji­diň be­zeg iş­le­rin­de ula­nyl­ýan dür­li se­riş­de­le­riň, mer­mer daş­la­ryň ýa­kyn goň­şy we dost­luk­ly döw­let­ler­de ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyp, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ha­ýyr iş­le­riň amal bol­ma­gy­na öz­bo­luş­ly go­şant­dy­gy­ny, mu­nuň ag­zy­bir­lik­den, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­rin­den ny­şan­dy­gy­ny bel­le­di.

Dip­lo­mat­lar ys­lam dün­ýä­si­niň mu­kad­des baý­ra­my bo­lan Gur­ban baý­ra­myn­da so­gap iş­le­riň ber­jaý edil­jek bi­na­sy­na ge­lip, ha­jy Arkadagymyz bi­len bi­le­lik­de gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­ma­gyň öz­le­ri üçin uly hor­mat­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Olar bu ýe­re gel­mä­ge hem-de ýag­şy des­sur­la­ra da­hyl­ly bol­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly ha­jy Serdarymyza tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

Related posts

Türkmen metbugatynda-12.02.2019

vepa

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna “Türkmenistanyň Watan goragçysy” hormatly ady dakyldy

Ata Watan Eserleri