JEMGYÝET

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýon bilen duşuşdy. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda netijeli türkmen-koreý gatnaşyklaryny okgunly ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, şeýle-de bilelikdäki çäreleri guramak arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Taraplaryň pikirine görä, hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam bermelidir.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýada halkara atly oýunlaryna we at ýaryşlaryna gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanda saparda bolar

Türkmen bedewleri Özbegistanda gözellik bäsleşigine gatnaşar

Özbek we hindi küştçisi dünýä çempionlygy üçin bäsleşer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi