DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Her iki ýurduň liderleriniň gazanan ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek, iri taslamalar boýunça hyzmatdaşlygy öňe sürmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze badalga bermek üçin Hytaý Türkmenistan bilen özara hereket etmäge taýýardyr diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I habar berdi.

“Sinhua” agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Wan I türkmen tarapyna BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ýörite sapar gurany üçin minnetdarlyk bildirdi.

BMG-niň Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin möhüm platforma bolup hyzmat edýändigini nygtap, ol taraplaryň mundan beýläk-de ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginiň, biri-biriniň esasy başlangyçlaryna özara goldaw bermeginiň we hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini görkezmeginiň zerurdygyny mälim etdi.

Wan I, şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart aýynda Hytaýa amala aşyran netijeli saparynyň iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky özara ynamy we dostlugy has-da çuňlaşdyrmaga ýardam edendigini, munuň bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin güýçli strategik binýat üpjün edýändigini aýratyn nygtady.

Öz gezeginde Raşid Meredow häzirki halkara şertlerde BMG-niň Tertipnamasyna eýerilmeginiň, şeýle hem global dolandyryşyň özgerdilmeginiň we kämilleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

Mälim edilişi ýaly, Türkmenistan Hytaý bilen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär; ýurtlaryň arasynda çuňňur syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar saklanylýar, amaly hyzmatdaşlyk bolsa çalt depginli ösüşi görkezýär.

Raşid Meredow Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikdäki iri taslamalary, şol sanda gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça işleri öňe sürmäge, şeýle-de söwda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarjakdygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýokary derejeli halkara suw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

«Galkynyş» topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy