SPORT

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Angliýanyň “Kristal Pelas” toparynyň futbolçylary UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň final duşuşygynda Ispaniýanyň “Raýo Walekano” toparyny 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, iňlis topary 120 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Ýewropanyň kubogynyň eýesi boldy.

Final duşuşygy Leýpsig şäherinde geçirildi. Oýnuň ýeke-täk goluny 51-nji minutda Žan-Filip Mateta öz adyna ýazdyrdy.

Konferensiýa ligasy – Çempionlar ligasyndan we Ýewropa ligasyndan soňra Ýewropanyň klub derejesindäki üçünji möhüm ýaryşydyr.

Konferensiýa ligasy 2021-nji ýylda döredildi. Geçen möwsümiň finalynda Londonyň “Çelsi” topary Ispaniýanyň “Betis” toparyny uly hasap bilen (4:1) utdy. Şeýle hem, iňlis klublarynyň arasyndan 2023-nji ýylda “West Hem” bu bäsleşikde ýeňiji bolupdy. Mundan başga-da, Italiýanyň “Roma” (2022) we Gresiýanyň “Olimpiakos” (2024) toparlary hem bu ýaryşyň çempiony bolmagy başardylar.

Ýewropa ligasynyň ýenijisi eýýäm mälim boldy: 20-nji maýda geçirilen final duşuşygynda Angliýanyň “Aston Willa” topary Germaniýanyň “Fraýburg” toparyny uly hasap bilen (3:0) utdy.

30-njy maýda bolsa UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finaly bolar: onda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” we Angliýanyň “Arsenal” toparlary özara güýç synanyşarlar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça rekord goýdy

Dünýä çempionatynda urlan gollar boýunça täze rekord goýuldy