SPORT

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

Meşhur hünärmen Gurban Berdiýew “Spartak” toparynyň baş tälimçisi wezipesine belleniljek wagty şowsuz tamamlanan gepleşikler barada ilkinji gezek beýanat berdi. Berdiýew “Rostow” toparyna tälim berip ýören döwri taraplar hyzmatdaşlyk etmäge örän ýakynlaşypdylar. Emma iň soňky pursatda şertnama başa barmady.

Berdiýew Leonid Fedun bilen dilden ylalaşyk gazanandygyna garamazdan, näme üçin “Spartaga” “ýok” diýeniniň sebäbini boýun aldy. Tälimçiniň aýtmagyna görä, oňa has bähbitli başga bir tekliz gelip gowşupdyr, emma netijede ol teklipden hem hiç zat çykmandyr. Berdiýew “Spartagyň” teklibini ret etmek barada kabul eden kararyna şu güne çenli ökünip ýörändigini belleýär.

“Bu ýerdäki esasy sebäp — meniň özüm. “Spartak” tarapyndan hemme zat iň ýokary derejededi. Men Fedun bilen iki gezek duşuşdym. Ähli zady gürleşdik. Hatda men topary Kazanda kabul etmelidim, ol ýere uçup barmalydym, “Rubin” bilen oýun bardy. Men bolsa “Rostowdadym”. Hemme zat barada ylalaşypdyk. Soňra bolsa niredendir bir ýerden bir teklip peýda boldy, klubyň adyny aýtmajak bolalyň. Ine, şonda-da meniň pikirim üýtgedi we men ýüz öwürdim. Muňa şeýle bir ökünýärin” – diýip, Berdiýew belleýär.

Fedun bilen örän professional we anyk gürrüňdeşlik bolupdy. Onuň öňünde şeýle bir utanýaryn. Käwagt bu kararym üçin ondan ýöne bir ötünç sorasym gelýär. Onuň üçin hem munuň ýakymsyz bolandygy düşnüklidir. Sebäbi, uly adamlar ýaly, eýýäm deslapky ylalaşyk gazanylypdy. Ýöne, ine, şeýle zat boldy… Bu meniň içki gussam. Ýöne şonda-da men “Spartak” üçin janköýerlik etmegi dowam edýärin” — diýip, Berdiýew “Cappuccino & Catenaccio” ýaýlymynda beren interwýusynda aýtdy.

Gurban Berdiýew häzirki wagtda Azerbaýjanyň “Turan-Towuz” toparyna tälim berýär. Bu topary çempionatda 3-nji orna çykardy we geljek möwsümde Ýewropa kuboklarynda çykyş eder.

Ýene-de okaň

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy