2026-njy ýylyň 26-njy maýynda onlaýn görnüşinde Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) 11-nji Kongresi geçirildi.
Sessiýanyň dowamynda guramanyň howandarlygynda 2025-nji ýylda geçirilen turnirleriň jemleri jemlendi, audit barlagynyň netijelerine seredildi, şeýle hem assosiasiýanyň wise-prezidentiniň saýlawlary geçirildi.
Bu wezipä Merkezi Aziýa sebitinden ýeke-täk dalaşgär hökmünde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow hasaba alyndy we ol gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagy bilen bu wezipä saýlandy.
Kongresiň işine CAFA ýolbaşçylarynyň we sebitiň milli futbol edaralarynyň resmi wekilleri gatnaşdy. Çärä gatnaşanlaryň arasynda CAFA-nyň Baş sekretary Ulugbek Karimow, şeýle hem Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol boýunça milli federasiýalarynyň, assosiasiýalarynyň we bileleşiginiň ýolbaşçylary hem-de baş sekretarlary bar.
Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasy 2014-nji ýylyň 10-njy iýunynda esaslandyryldy we öz işine doly derejede 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan başlady. CAFA-nyň düzümine 6 sany agza döwlet girýär: Owganystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Türkmenistan, Eýran Yslam Respublikasy we Özbegistan.
Guramanyň ştab-kwartirasy Täjigistanda ýerleşýär. Assosiasiýanyň prezidenti wezipesini 2019-njy ýyldan bäri Täjigistandan Rustam Emomali ýerine ýetirýär we onuň ygtyýarlyk möhleti 2027-nji ýyla çenli dowam eder, baş sekretar wezipesini bolsa 2019-njy ýyldan häzirki wagta çenli onuň watandaşy Ulugbek Karimow eýeläp gelýär.
