SPORT

Meşhur tälimçi karýerasyny tamamlady

78 ýaşyndaky rumyn tälimçi Mirça Luçesku tälimçilik karýerasyny tamamlady. Ukrainanyň “Dinamo Kiýew” toparyna tälim berýän Luçesku ýurduň çempionatynyň 13-nji tapgyrynda “Şahtýor” topary bilen geçirilen duşuşykdan soňra karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

Bu duşuşykda “Dinamo Kiýew” topary garşyndan 1:0 hasabynda utulyp, 16 utuk bilen çempionatda 7-nji orunda barýar.

– Şu gün oýun barada gürrüň edesi zat ýok. Men 15 ýylymy Ukrainanyň futbolyna bagyşladym. Indi bolsa, karýeramy tamamlaýaryn. Bu soňky duşuşyk boldy. Men “Dinamo Kiýew” toparynyň hem-de “Şahtýor” toparynyň futbolçylary bilen hoşlaşdym – diýip, Luçesku belläp geçdi.

Rumyn tälimçisi 2004-2016-njy ýylarda “Şahtýor” toparyna tälim berip, uly üstünlikler gazandy. Şeýle hem ol “Inter”, “Zenit”, “Galatasaraý” toparlaryna, şeýle hem Türkiýäniň milli ýygyndysyna tälim berdi.

Luçesku 9 gezek Ukrainanyň çempiony boldy. 2009-njy ýylda UEFA-nyň kubogyny gazandy,

Related posts

Gurban Berdiýew rus futbolyna dolanmakçy

Özbek futbolçy Aziýanyň iň gymmat oýunçysy boldy

Türkmenistanly samboçy gyzlar dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy