SPORT

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda “H” toparçasyndaky duşuşyklar tamamlandy. Bu toparçadan 2-nji duşuşygyň jemleri boýunça Portugaliýa 1/8 finala çykypdy. 3-nji duşuşygyň öňüsyrasynda Günorta Koreýanyň, Urugwaýyň hem-de Gananyň hem indiki tapgyra çykmak üçin mümkinçiligi bardy.

Bu ýygyndylaryň arasynda iň kyn ýagdaýda Günorta Koreýa durýardy. Koreý futbolçylary 3-nji duşuşykda Portugaliýa bilen duşuşdy. Portugaliýa oýnuň başynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik koreý futbolçylary duşuşykda 2 gol geçirip, 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Urugwaý Ganany 2:0 hasabynda ýeňen hem bolsa, indiki tapgyra çykyp bilmedi.

Portugaliýa 6 utuk bilen birinji orny eýeledi. Günorta Koreýa bilen Urugwaýyň 4 utuk, Gana bolsa 3 utuk gazandy.

Koreýanyň ýygyndysy Urugwaýdan has köp gol geçirendigi üçin indiki tapgyra çykdy.

 

Related posts

Ronaldonyň täze toparynyň jemgyýetçilik toruna goşandy

Beýik Britaniýa futbol çempionatyny gurnamakçy

Luis Dias “Barselonada” oýnamak isleýär

Leave a Comment