BIZNES

Gruziýadan gelen telekeçi türkmen dokma önümlerini satyn aldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda Gruziýadan gelen telekeçi tekiz reňkli we gülli dokma önümlerini – polotensalary, süpürgiçleri we suwa düşülýän halatlary satyn aldy.

Harytlaryň her kilogramy üçin 5.50 amerikan dollary teklip edildi.

Telekeçi jemi 63,250 amerikan dollaryna dürli ululykdaky we reňkli 11,5 müň kg dokma önümlerini satyn aldy.

Söwdalaşyk Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen şertnama baglaşylmagy arkaly amala aşyryldy.

Related posts

Dünýäniň iň uly erkin söwda zolagy döredildi

Türkmenistan bilen Germaniýa 19 ähtnama gol çekişdi

«Dragon Oil» kompaniýasy Türkmenistanda 12 milliard dollar maýa goýdy

Leave a Comment