DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Ýazmyradow Özbegistan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligine baryp gördi. Türkmen myhmany bu ýere Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Şuhrat Ganiýew, oba hojalyk ministri Aziz Woitow we suw hojalyk ministri Şawkat Hamraýew bilen bardy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Ýazmyradowa Özbegistanyň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler baradaky sergi görkezildi.

Türkmen tarapy Özbegistan bilen oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda teklip hödürledi. Bu babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekmek barada ylalaşyldy. Bu ähtnamada ösümlikleriň klonal, wirussyz we in-witro reproduksiýasy babatda  türkmen hünärmenleriniň kwalifikasiýasyny kämilleşdirmek babatdaky meseleleriň hem göz öňünde tutuljakdygy bellenildi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Daşkentiň döwlet agrar uniwersitetine we Oba hojalyk ministrliginiň Halkara oba hojalyk uniwersitetine baryp gördi.

Bu ýokary okuw mekdeplerinde bagbançylyk, üzümçilik we beýleki ugurlarda alnyp barylýan ylmy işler barada gürrüň berildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar