Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Endi Bernem täze hökümetini düzdi diýip, premýer-ministriň edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Maliýe ministri wezipesine Jon Hili bellendi. Ol 2024-nji ýyldan şu ýylyň iýun aýyna çenli Goranmak ministri wezipesinde işledi.
Daşary işler ministri wezipesine 2010–2015-nji ýyllarda Leýboristler partiýasynyň ýolbaşçysy bolan Ed Milibend bellenildi.
Içeri işler ministri wezipesinde bolsa 2025-nji ýyldan bäri bu wezipäni eýeleýän Şabana Mahmud galdy.
Ozal Daşary işler ministri bolan Iwett Kuper Saglygy goraýyş ministri wezipesine bellenildi.
Öň Saglygy goraýyş ministri bolup işlän Ues Striting Goranmak ministri wezipesine geçirildi.
2024-nji ýylda Ulag ministri bolan Luiza Heý ilkinji döwlet sekretary, Lankaster gersoglygynyň kansleri hem-de Beýik Britaniýanyň Hökümet edarasynyň ministri wezipesini aldy.
Pet Makfadden Zähmet we pensiýalar ministri wezipesini saklap galdy. Liza Nandi Medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we sport ministri wezipesinde galdy. Bridžit Fillipson bolsa Aýallar we gender deňligi meseleleri boýunça ministr wezipesini saklap galdy.
Heýdi Aleksander Ulag ministri wezipesinde galýar.
Lýusi Pauell Bilim ministri boldy.
Aleks Norris Lord-kansler we Adalat ministri wezipesine, Anjela Igl bolsa Daşky gurşaw, azyk we oba hojalygy ministri wezipesine bellenildi.
Miatta Fanbulle Energetika howpsuzlygy we nol zyňyndylara geçiş boýunça ministr boldy.
Anjela Reýner Ýaşaýyş jaý-kommunal hojalygy, jemgyýetler we ýerli öz-özüňi dolandyryş ministri wezipesine, Jonatan Reýnolds bolsa Işewürlik, innowasiýalar, ylym we söwda ministri wezipesine bellenildi.
Emma Reýnolds Gaznahananyň baş sekretary wezipesini eýeledi.
Wezipelerini ýitiren kabinet agzalarynyň arasynda Reýçel Riwz, Dewid Lemmi, Darren Jons, Stiw Rid, Piter Kaýl, Riçard Hermer, Liz Kendall, Jo Stiwens we Hilari Benn bar.
56 ýaşly Endi Bernem soňky on ýylyň dowamynda Beýik Britaniýanyň 6-njy premýer-ministri boldy.
