DÜNÝÄ

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedowy gutlady

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si SZINPIN Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Size mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň iberen hatynda hususanda şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti

 jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

 

Hor­mat­ly je­nap saý­la­nan Pre­zi­dent!

Siziň Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanandygyňyz baradaky habary şatlyk bilen kabul edip, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Size mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda döwleti gurmakda we milleti galkyndyrmakda okgunly ösýär. Hytaý tarapy dostlukly ýakyn goňşy hem-de strategik hyzmatdaş hökmünde muňa örän şatdyr. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belent sepgitlere ýetjekdigine berk ynanýaryn.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin hem-de diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyndan başlap, Siziň bilen bilelikdäki tagallalary etmäge, ýola goýlan däpleri dowam etdirmäge, geljek üçin täze ugurlary açmaga we hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň täze sahypalaryny bilelikde ýazmaga taýýardyryn.

Size berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Dostlukly Türkmenistana abadançylyk hem-de berkararlyk, onuň halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,

 Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

 

Prezident saýlawlary: Daşary ýurt habar beriş serişdelerinde beýan edildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady