DÜNÝÄ

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna bolan hüjümi ýazgardy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen, Ilçihananyň goragyna degişli bolan bir işgäriniň ýogalmagyna we iki işgäriniň ýaralananmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgardy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýannamasynda beýan edilýär. Beýannamada hususanda şeýle diýilýär:

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANNAMASY

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen, Ilçihananyň goragyna degişli bolan bir işgäriniň ýogalmagyna we iki işgäriniň ýaralananmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgarýar.

Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi merhumyň garyndaşlaryna we dostlaryna çuňňur gynanç bildirýär, şeýle hem Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasynyň ýaralanan işgärlerin tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär.

 

Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Related posts

Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky tagallalaryny goldaýar

Waksina tapylýança, fransuzlar örtükli gezer

Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda Terrorçylyga garşy ýokary derejeli hepdelige gatnaşdy

Leave a Comment