JEMGYÝET

Türkmenistan Gazagystan bilen gaz ulgamynda gepleşikler geçirmäge taýýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmak, iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek boýunça iş toparynyň işini güýçlendirmek, Türkmen-gazak işewürler geňeşiniň birinji mejlisini geçirmek barada gürrüň edildi.

Şeýle hem iki döwletiň paýtagtlarynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň söwda öýlerini açmak mümkinçiligine seretmek, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň we Gazagystanyň Mangistau oblastynyň serhedinde serhetýaka söwda merkezini döretmek meselesini öwrenmäge girişmek teklip edildi.

Energetika ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Gazagystana türkmen tebigy gazyny ibermek boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şu maksat bilen, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň, kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler