JEMGYÝET

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyp­jak­da­ky Türk­men­ba­şy­nyň ru­hy met­ji­din­de Gur­ban baý­ra­my­nyň baş­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan baý­ram na­ma­zy­ny oka­dy we Arkadag şä­he­rin­dä­ki tä­ze met­ji­diň gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len tan­şyp, bu şä­her­de gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di. Mu­nuň özi ha­jy Arkadagymyzyň asyr­lar aşyp gel­ýän ýag­şy des­sur­la­ry, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri ro­waç­lan­dyr­mak­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şä­he­ri­niň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän “Mär­kaw” myhmanhanasynda gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi.

“Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap ýur­du­myz­da milli däp-des­sur­la­ry­my­zy ber­jaý et­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ra­ýat­la­ry­myz mu­kad­des ýer­le­re zy­ýa­rat edip, met­jit­le­re ba­ryp, do­ga-di­leg ed­ýär­ler. Gur­ban baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän aýyn­da hem ra­ýat­la­ry­my­zyň 3 mü­ňe go­la­ýy ys­lam dün­ýä­si­niň mer­ke­zi bo­lan Mek­ge şä­he­rin­dä­ki ke­ra­mat­ly Kä­bä zy­ýa­rat edip, haj par­zy­ny ber­jaý ed­ýär­ler. Yn­ha, Gur­ban baý­ra­my­nyň bi­rin­ji gü­nün­de Arkadag şä­he­rin­de si­ziň bi­len gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­na gat­naş­ýa­rys” di­ýip, Milli Liderimiz sö­ze baş­la­dy. Ha­jy Arkadagymyz hem­me­le­ri Gur­ban baý­ra­my bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­lap, ola­ryň gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry­nyň, do­ga-di­leg­le­ri­niň ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di. Şeý­le-de Milli Liderimiz türk­men hal­ky­nyň gur­sa­gy Al­la­ly halk­dy­gy­ny bel­le­di.

Soň­ra sa­da­ka gat­na­şy­jy­la­ra na­har çe­kil­di. Gur­ban baý­ra­my ru­hu­be­lent­li­gi hem-de milli bi­te­wü­li­gi ala­mat­lan­dyr­ýan baý­ram hök­mün­de hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Gur­ban­lyk gün­le­rin­de milli ta­gam­la­ryň taý­ýar­la­nyl­ma­gy, sa­da­ka­la­ryň be­ril­me­gi we ýag­şy di­leg­le­r edil­me­gi asyr­lar aşyp gel­ýän asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň do­wa­ma­ta ata­ryl­ýan­dy­gy­nyň gü­wä­si­dir. Na­har­dan soň, asyl­ly dä­be gö­rä, aýat-tö­wir okal­dy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana döwlet sapary başlandy