23-nji iýulda Manilada, ASEAN guramasynyň ministrler derejesindäki çäreleriniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdiler.
Soňky döwürde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň dowamy hökmünde, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar we halkara gün tertibiniň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alyşdylar.
Sergeý Lawrow ABŞ tarapynyň Wladimir Putin bilen Donald Trampyň Ankorijde geçirilen duşuşygynda öňe süren tekliplerine Russiýanyň lideriniň razylyk berendigini we şol tekliplere ygrarlydygyny aýtdy.
Duşuşykda sebit we halkara gün tertibindäki beýleki meseleler, şol sanda Pars aýlagyndaky ýagdaý hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sergeý Lawrow bilen Marko Rubio «Roskosmos» döwlet korporasiýasy bilen NASA-nyň arasyndaky doly derejeli hyzmatdaşlygyň täzeden dikeldilmegini makulladylar. Şeýle hem olar parlamentara gatnaşyklary we medeniýet ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler.
Gepleşikleriň dowamynda Russiýanyň we ABŞ-nyň diplomatik wekilhanalarynyň iş şertlerini kadalaşdyrmak meselesine hem üns berildi.
Netijede, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde hem gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
