JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň alyp barýan parasatly syýasatyňyz netijesinde Özbegistan yzygiderli ösýär we halkara giňişlikde öz abraýyny pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär. Hormatly Prezidentimiz iki halkyň arasyndaky umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklara esaslanýan gatnaşyklaryň hakyky doganlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtap, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýa-Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşi: ulag komiteti we energetika boýunça bilelikdäki iş topary

Türkmenistanly türgenler «Ýüpek ýoly» rallisinde 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler

Ata Watan Eserleri