BILIM

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň rektory, professor, doktor Rahmi Eriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň bilim we awiasiýa ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem awiasiýa pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça mümkinçilikler barada pikir alyşdylar. Professor Rahmi Er uniwersitetiň işi we uçarmanlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi.

Gepleşikleriň dowamynda raýat awiasiýasy, uçuş howpsuzlygy, awiasiýa tehnologiýalary, logistika, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, talyplaryň hem-de professor-mugallymlaryň alyş-çalşyny ýola goýmak we bilelikdäki okuw maksatnamalaryny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda magistratura maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 6-sy açyldy

Türkmenistanda 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy

Türkmen ýaşlarynyň 67-nji Halkara matematika olimpiadasyndaky üstünlikleri

Türkmenistanda uniwersitetlere resminamalaryň kabul edilişini internet arkaly yzarlap bolýar

Dünýäniň iň owadan sözi belli boldy

Baku dünýäniň iň gowy talyp şäherleriniň TOP-100 sanawyna girdi