BILIM

Himiýa boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

No­bel hep­de­li­gi do­wam ed­ýär. No­be­liň Hi­mi­ýa bo­ýun­ça baý­ra­gy­na Mun­gi Ba­wen­di, Lu­is Brýus hem-de Alek­seý Eki­mow my­na­syp bol­dy. Bu baýrak “kwant nokatlarynyň tapylmagy we sintezi üçin” berildi.

Baýraga mynasyp bolanlar – Mungi Bawendi ABŞ-nyň Massaçusets tehnologiýanyň institutynyň, Luis Brus ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň hem-de Elekseý Ekimow ABŞ-nyň “Nanocrystals Technology Inc” kompaniýasyna wekilçilik edýär.

78 ýaşyndaky alym, Leningrad döwlet uniwersitetiniň uçurymy Alekseý Ekimow 1999-njy ýyldna bäri ABŞ-da ýaşaýar we işleýär.

Düýn Fi­zi­ka, öň­ňin Luk­man­çy­lyk baý­rak­la­ry­nyň lau­re­at­la­ry mä­lim edil­dip­di.

Ertir Ede­bi­ýat, er­tir Pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si kes­git­le­ner we 9-njy okt­ýabr­da 1968-nji ýyl­da Şwe­si­ýa­nyň Döw­let ban­ky ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len Yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça Alf­red No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si yg­lan edi­ler.

Nobel baýragynyň ýeňijilerine baýraklary 10-njy dekabrda Stokgolm şäherinde geçiriljek resmi dabarada gowuşyrylýar.

Related posts

Wengriýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin kabul edişlik

Ata Watan Eserleri

Gyrgyzystanda 12 ýyllyk bilim ulgamyna geçýär

Türkmen mekdep okuwçylary mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşdylar