BILIM

Türkmenistanda kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy.

Synaglar uniwersitetiň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň barlaghanasynda geçirildi. Işde «Galkynyş» gaz käninden alynýan kükürt ulanyldy.

Ilki bilen kükürtden kükürt turşusy alyndy. Soňra kükürt turşusynyň alýuminiý bilen täsirleşmegi netijesinde alýuminiý sulfaty emele geldi. Şondan soňra alnan maddanyň üstüne gips, hek we başga-da dürli goşundylar garyldy. Netijede, boýag we ýelimleýji serişdeler alyndy.

Synaglar bu boýag serişdesiniň oda çydamlydygyny we antiseptik häsiýetlere eýedigini görkezdi. Şeýle hem olaryň janly organizmlere, daşky gurşawa we topraga zyýan ýetirmeýändigi kesgitlendi.

Geljekde bu maddalary öndürmek ykdysady taýdan bähbitli we çylşyrymly tehnologiýalary talap etmeýän önümçilik hökmünde görülýär. Alnan önümi gurluşykda, kagyz, deri we dokma önümçiliginde ulanyp bolar.

Kükürdi gaýtadan işlemegiň täze usullary Türkmenistanyň nebit-gaz we himiýa senagatynyň ösmegine goşant goşup biler.

Ýene-de okaň

Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli goşgy okamak bäsleşigi geçirildi

«Soňky jaň» dabaralary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy

Bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk Türkmenistanda geçirilen forumyň üns merkezinde boldy

Türkmenistan we Belarus lukmançylyk uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar