BILIMPEÝDALY MASLAHAT

Türkmen ýaşlary Türkiýede uçarman ugry boýunça okuwa çagyrylýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edişligi yglan edýär.

Okuwlaryň tölegini “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şertnama esasynda resmileşdirilýär.

Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, telefon belgileri:23-47-88, 23-02-61

Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman kärine okadyljak dalaşgärleri saýlap almaklygyň Tertibi:

1. Okuwa Türkmenistanyň raýatlylygy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna gabat gelýän barlaglaryndan 15 günüň dowamynda geçmeli, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

2. Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň “Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginde (synag) we Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.

Okuwyň möhleti 4 ýyl.

Resminamalar bildirişiň çap edilen gününden başlap 15.07.2025 senä çenli kabul ediler.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);
— harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);
— umumy orta, orta-hünär we ýokary bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy;
— «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— mekdep okuwçylary dersler boýunça döwlet bäsleşigine, şeýle hem umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan bolsa bu ýagdaýy tassyklaýan resminamalarynyň nusgasyny tabşyrýarlar.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary Iňlis dili (iňlis dilinde gürleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.

Giriş synaglary 21.07.2025-10.08.2025ý seneler aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada 3 taraplaýyn (Awiakompaniýa, Talyp we Zamunçy) şertnama baglaşyljakdyr, şertnama laýyklykda, Talyp okuw degişli ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, işe başlanyndan soň Awiakompaniýada okan hünäri boýunça 10 ýyl işläp bermeklige borçlanýar.

Okuw üçin tölegler Awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar. Okuwdan daşary (wizany resmileşdirmek, saglyk ätiýaçlandyryş, günlik we iýmit, kommunikasiýa, şeýle hem okuw döwründe ýol üçin) çykdajylary dalaşgäriň hasabyna ýerine ýetiriljekdir.

 

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

“Türkmentelekom” köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Aşgabatda saparda bolar

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky: Onlaýn kabulhana» hyzmaty

Türkmenistan bilen Katar bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanly ýaşlaryň 100 sanysy Hytaýyň uniwersitetlerine okuwa iberiler