DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler.

Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alyşyldy.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamyndaky iki ýurduň ýakyn arabaglanyşygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde bilelikdäki çäreleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Türkmenistan’da özel gaz beton üretim tesisi kuruldu

vepa

Boris Jonson Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Başlygynyň pandemiýadan soň ilkinji döwlet saparlary