BIZNES

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,  söwda nokatlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri, haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem wise-premýer mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlamagy teklip edilýändigini aýtdy.

Related posts

Türkmen Lideri Kazakistan’da ‘Dostık’ Nişanı ile ödüllendirildi

vepa

Oba hojalyk ministrliginiň täze ylmy-barlag institutlary döredildi

«Altınyıldız» Aşgabatda dükan açdy

Ata Watan Eserleri