Aşgabatda geçirilýän türkmen-hytaý işewürler forumynyň çäklerinde «Puyang Shengyuan Petrochemical Group» kompaniýasynyň prezidenti Wan Siçen çykyş etdi. Hytaýyň iň iri hususy korporasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň senagat pudagynyň tehnologik döwrebaplaşdyrylmagyna we serişde howpsuzlygynyň berkidilmegine gönükdirilen giň gerimli strategik taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny mälim etdi.
Hytaý tarapynyň teklibinde esasy üns ýokary hilli polimerleri we ekologiýa taýdan arassa materiallary öndürmekde toplanan üýtgeşik tejribäni bermäge gönükdirilendir.
«Puyang Shengyuan Petrochemical Group» özüniň öňdebaryjy işläp düzmelerini milli ösüş platformasyna integrirlemegi meýilleşdirýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir daşky gurşawy goramagyň döwrebap standartlaryny ornaşdyrmaga däl, eýsem döwrebap senagatyň dürli pudaklary üçin zerur bolan ýokary hilli polikarbonat önümçiliginiň 20%-den gowragynyň ýerli şertlerde üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Wan Siçen kompaniýanyň ýurt boýunça bökdençsiz üpjünçiligi we serwis hyzmatlaryny ýola goýmak üçin ähli zerur serişdelere eýedigini nygtady.
Holdingiň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, türkmen bazaryna çykmak — bu Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerine hyzmat etmäge we ýerli çig malyň esasynda ýokary goşulan bahaly önümleri döretmäge esaslanýan uzak möhletleýin strategiýadyr.
Aşgabatda geçirilýän işewürler forumyň çäklerinde Hytaýyň daşary ýurt ösüş assosiasiýasynyň (CODA) prezidenti He Çženweý hem çykyş edip, giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň amaly tapgyra geçendigini belledi. Assosiasiýanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, wekiliýetiň häzirki sapary bazary jikme-jik öwrenmäge we strategik taýdan möhüm pudaklarda: IT-industriýasyndan we ýokary tehnologiýaly önümçilikden başlap, oba hojalygyna çenli başlangyçlary başlatmaga gönükdirilendir.
Hytaýly maýadarlaryň üns merkezinde üç sany ileri tutulýan ugur bar:
-
«Ýaşyl» energetika: Türkmenistanyň çäginde gün elektrostansiýalaryny gurmak üçin HHR-nyň ägirt uly tejribesini ulanmak meýilleşdirilýär.
-
Agrosenagat toplumy: Esasy üns innowasion agrar tehnologiýalaryny geçirmäge gönükdiriler.
-
Gazhimiýany ösdürmek: He Çženweý bu ugra aýratyn strategik ähmiýet berdi we çig maly eksport etmekden tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemäge geçmegiň Türkmenistana ýokary goşulan bahaly önümleri çykarmaga we walýuta girdejilerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berjegini nygtady.
CODA-nyň ýolbaşçysy iki döwletiň Liderleriniň tagallalary netijesinde şu günki gün ykdysady taýdan ýakynlaşmak üçin ajaýyp şertleriň döredilendigini belledi. Häzirki forum niýetler baradaky deklarasiýalardan göni taslamalary amala aşyrmaga tarap ädilen möhüm ädimdir. Bu taslamalar iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny we işewürligiň uzak möhletleýin gülläp ösmegini üpjün eder.
Assosiasiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde üstünlikli umumy geljegiň binýadyny tutup, öňdebaryjy işläp düzmeleriň ornaşdyrylmagyna işjeň ýardam bermegi maksat edinýär.
