Bu gün siz kynçylyklara we synaglara taýýar bolsaňyz we şowlulyga ýa-da kimdir biriniň kömegine bil baglamasaňyz diňe öz güýjüňize ynansaňyz üstünlik gazanyp bilersiňiz.Emma çalt we kesgitli hereket etmek endigiňiz size päsgel berip biler. Işewür duşuşyklarda özüňizi sabyrly alyp barmaga çalşyň. Duýgularyňyzy dolandyryň, netije çykarmaga howlukmaň, hatda garşydaşyňyzyň garaýşy size şübheli görünse-de, ony sabyrly diňlemäge taýýar boluň. Ilki başda wagt ýitirmek ýaly görünýän zatlar, geljekki üstünlikleriňiz üçin örän möhüm bolup biler.
Ir säher bilen özüňizde adatdan daşary güýç-kuwwat we ruhubelentlik duýarsyňyz. Düýn kyn bolup görünen wezipeler garaşylmadyk derejede çalt çözüler. Ýolbaşçylar siziň bitiren işleriňize ýokary baha bererler kärdeşleriňiziň käbiri bolsa siziň tejribäňizden nusga almak islär. Hatda adatça başgalaryň maslahatyna gulak asmaýan adamlar hem size geňeş sorap ýüz tutsalar, geň galmaň.Işewür gatnaşyklarda hem ýakymly üýtgeşmeler bolmagy ähtimal. Soňky döwürde gatnaşyklaryňyzda birneme sowlukly bolan kärdeşleriňiz hem aragatnaşykda özleri başlangyç görkezerler we bilelikdäki taslamalary teklip edip bilerler. Ozal diňe iş bilen çäklenen gatnaşyklar has ýakyn görnüşe geçip biler. Bu ýerde romantik duýgularyň döremegi hem ahmal, ýöne hemme zat siziň öz islegiňize we nähili jogap berjekdigiňize bagly bolar.
Hiç ýere howlukmaň we näme bilen meşgullansaňyz hem, ownuk jikme-jikliklere has ünsli bolmaga çalşyň. Ilki başda ähmiýetsiz ýaly görünen zatlar, soňra uly rol oýnap biler. Şonuň üçin seresap boluň!Günüň birinji ýarymynda işde dartgynly pursatlaryň bolmagy ahmal. Öň göýberilen ýalňyşlyklary düzeltmeli ýa-da ýitirilen wagtyň öwezini dolmaly bolmagyňyz mümkin. Günüň ikinji ýarymynda täze borçlary öz üstüňize almazlyga we häzir ýerine ýetirmesi kyn bolan zatlary wada bermezlige çalşyň. Häzirki wezipeleriňize ünsüňizi jemläň we başlan işleriňizi ahyryna çenli wediň. Edil şeýle işlerde siz gowy netijeleri gazanarsyňyz.
Bu gün köp sanly gyzykly mümkinçilikler açylar. Olaryň hiç birini elden gidermejek boluň.Işde üstünlikleriň gazanylmagy gaty ähtimal. Ýolbaşçylar siziň gazananlaryňyza baha berip, ýakyn wagtda gyzykly bir zat teklip ederler. Şoňa çenli bolsa özüňizi gowy tarapdan görkezmäge we abraýyňyzy berkitmäge çalşyň. Ähtimal iş berijiler we işewür hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar örän şowly geçer. Söhbetdeşleriňiz siziň ökdeligiňize we jogapkärçiligi öz üstüňize almaga taýýarlygyňyza ýokary baha bererler.
Öz ukyplaryňyzy görkezmegiň wagty geldi. Eger şu gün özüňizi dogry alyp barsaňyz, köp işlerde uly üstünlikleri gazanyp bilersiňiz. Kärdeşleriňiz siziň sözleriňize gulak asarlar we berjek maslahatlaryňyzy höwes bilen diňlärler. Ýolbaşçylar bolsa siziň tutanýerliligiňize we çylşyrymly taslamalar üçin jogapkärçiligi öz üstüňize almaga taýýarlygyňyzy görüp ýokary baha bererler.Emma seresap boluň. Hemme zadyň şowly gidýändigini duýup, aşa köp borçlary öz üstüňize almakdan çekiliň we ylalaşyklara gol çekmezden ozal, gowy oýlanyň. Günüň ikinji ýarymynda maşgalaňyza we ýakynlaryňyza wagt aýyryň.
Bu gün Mizanlar üçin deňagramlylygy saklamak we gatnaşyklara üns bermek esasy mesele bolar. Siziň dogabitdi diplomatiýa ukybyňyz töweregiňizdäkiler bilen düşünişmekde uly rol oýnar.Günüň birinji ýarymynda käbir ikirjiňlenmeler ýüze çykyp biler, emma bu wagtlaýyn ýagdaýdyr. Öýde ýa-da iş ýerinde döräp biljek ownuk düşünişmezlikleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge çalşyň. Siziň içki duýgyňyz dogry kararLARY bermäge kömek eder.Şeýle hem bu wagt işewürlikde täze taslamalar barada pikir etmek üçin oňaýly pursat. Eger maliýe meselelerinde çözülmedik soraglaryňyz bar bolsa, şu gün olary gözden geçirmek maslahat berilýär.Günüň ikinji ýarymynda söýgi durmuşyňyzda ýakymly pursatlara garaşylýar. Ýanýoldaşyňyz ýa-da ýakynlaryňyz bilen wagtyňyzy geçirmek size ruhy güýç berer. Ýalňyz Mizanlar üçin bolsa täze we gyzykly tanyşlyklaryň bolmagy mümkin.
Akraplar üçin örän täsirli we energiýadan doly gün bolar. Siziň erjelligiňiz we maksada okunlylygyňyz iň kyn meseleleri hem çözmäge mümkinçilik berer.Günüň dowamynda özüňize bolan ynamyňyz artar. Içki dünýäňize ser salmak we geljekki meýilnamalaryňyzy gözden geçirmek üçin oňaýly pursat dörär. Töweregiňizdäkiler siziň durnuklylygyňyza we tutanýerliligiňize haýran galarlar.Günüň ikinji ýarymynda iş ýeriňizde jogapkärli pursatlar ýüze çykyp biler. Täze pikirleriňizi öňe sürmekden çekinmäň, sebäbi ýolbaşçylar siziň ukyplaryňyza ýokary baha berip bilerler.Garaşylmadyk girdejiler ýa-da köne bergiňiziň yzyna gaýtarylmagy hem mümkin. Emma uly möçberli söwdalary etmezden ozal ýene bir gezek oýlanyň.
Bu gün Kowuslar üçin täze gözýetimleriň açylýan we edilen tagallalaryň miwesini berip başlaýan wagtydyr. Siziň optimist garaýşyňyz we tutanýerliligiňiz iň çylşyrymly ýagdaýlarda-da ýol tapmagyňyza kömek eder.Bu günüň energiýasy size öz pikirleriňizi we inisitiwalaryňyzy öňe sürmek üçin iň amatly pursatlary berer. Kärdeşleriňiz we hyzmatdaşlaryňyz siziň teklipleriňizi höwes bilen goldarlar.Günüň ikinji ýarymynda ýyldyzlar size ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmegi maslahat berilýär.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün Jediler üçin maksatlaryna ýetmekde we zähmetiniň miwesini görmekde aýratyn gün bolar. Siziň sabyrlylygyňyz we amaly garaýşyňyz iň kyn wezipeleri hem ýeňilleşdirer.Günüň dowamynda özüňizi örän ynamly duýarsyňyz. Öňde goýan meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmekde meseleleriňiziň çözgüdini taparsyňyz. Siziň durmuş tejribäňiz we her bir işe çynlakaý çemeleşmegiňiz töweregiňizdäkiler üçin nusga bolar.
Bu siziň meýilleşdireniňizden biraz üýtgeşik başlap biler. Käbir işleri yza süýşürmeli bolar, bu bolsa başda sizi biraz gynandyryp biler. Emma hut şu üýtgeşmeler sebäpli tiz wagtdan öňde hiç hili garaşmadyk täze mümkinçilikleriňiz açylar. Işde üstünlik gazanmak üçin döredijilikli çemeleşme kömek eder. Kärdeşleriňiz siziň ukybyňyza haýran galarlar
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
