BIZNES

Döwlet haryt-çig mal biržasynda 20 müňden gowrak şertnama baglaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça 199 birža söwdalary geçirilip, 20 müň 114 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 111,7 göterime barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri sergileriň 11-si we maslahatlaryň 49-sy geçirildi.

Şu ýylyň sekiz aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,5 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 107,1 göterime deň boldy.

Related posts

Hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatdaky sergi owgan telekeçileri üçin uly üstünlik boldy

Türkmenistan-Täjigistan: söwda gatnaşyklar ösdüriler