Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda elektron TIR (e-TIR) ulgamynyň çäklerinde ilkinji synag ýük daşamasy başlandy. Bu barada “Trend” agentliginiň habarçysyna geçirilen çäräniň dowamynda Azerbaýjanyň Halkara awtoulag daşaýjylary assosiasiýasynyň (ABADA) Baş sekretary Kenan Gurbanow mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, synag taslamasynyň çäklerinde ýük eýýäm Hazar deňziniň üsti bilen Gazagystandan Azerbaýjana ýetirildi. Indiki tapgyrda bolsa ol Türkmenistana ugradylar.
«Şu hepde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda e-TIR, ýagny elektron TIR ulgamyny ulanmak arkaly ýük daşamalaryny amala aşyrmak boýunça ilkinji synag taslamasy başlandy. Taslama eýýäm tamamlanmak tapgyryna golaýlady. Ýük Gazagystandan Türkmenistana ugradylar we ilkinji elektron TIR ýük daşamasy amala aşyrylar. Hiç hili kynçylyk ýüze çykmaz diýip umyt edýäris. Hatda kynçylyklar ýüze çyksa-da, bu synag taslamasy örän möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi ol mümkin bolan kemçilikleri ýüze çykarmaga we aradan aýyrmaga mümkinçilik berer», — diýip ol aýtdy.
K. Gurbanow e-TIR ulgamynyň kagyz görnüşindäki TIR kitapçasyny çalyşýandygyny we halkara ýük daşamalarynda amallary ep-esli çaltlandyrýandygyny belledi.
Baş sekretaryň aýtmagyna görä, indiki tapgyrda elektron ýük haty bolan “e-CMR” ulgamyny hem ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
«Bu ýük daşamalary pudagynda uly öňegidişlik bolar. Emma onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin diňe bir Azerbaýjanyň däl, eýsem ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän ähli ýurtlaryň hem bu ulgama goşulmagy zerurdyr», — diýip ol nygtady.
K. Gurbanowyň bellemegine görä, Azerbaýjan e-TIR ulgamyny ornaşdyrmakda öňdebaryjy ýurtlaryň biridir we bu ulgamy durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ähli işler eýýäm tamamlandy.
Ol halkara ýük daşamalarynda ulanylýan rugsatnama resminamalarynyň alyş-çalşynyň hem eýýäm dört ýurt bilen elektron görnüşde amala aşyrylýandygyny goşdy.
«Häzirki wagtda elektron görnüşindäki rugsatnama resminamalarynyň alyş-çalşy Türkiýe, Özbegistan, Gyrgyzystan we Gazagystan bilen amala aşyrylýar. Daşaýjylar şahsy elektron kabinetleri arkaly bu resminamalary resmileşdirmek we almak mümkinçiligine eýe boldular. Bu diňe bir wagty tygşytlamaýar, eýsem serhetlerde ýüze çykýan tehniki ýalňyşlyklary hem tiz wagtda düzetmäge mümkinçilik berýär», — diýip ol aýtdy.
