DÜNÝÄ

Türkmenistan Hytaýda geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 5-21-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin, Fusin we Fuçžou şäherlerinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrligi tarapyndan guralan okuw maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy ugrundaky wezipeleri durmuşa geçirmekden, halkara söwda ulgamynda tejribe alyşmakdan hem-de ýurduň degişli edaralarynyň hünärmenleriniň hünär derejesini we habarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Okuw maslahaty Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde ýerleşýän Halkara işewürlik we ykdysadyýet uniwersitetinde guraldy.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Hytaý Halk Respublikasynyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmakda we guramanyň düzüminde öz milli bähbitlerini goramakda toplan tejribeleri, erkin ykdysady zolaklary dolandyrmagyň döwrebap usullary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem okuw maslahatynyň meýilnamasynyň çäklerinde milli kanunçylygy halkara söwda kadalaryna we BSG-niň ylalaşyklaryna laýyk getirmek, Parlamentiň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de parlament diplomatiýasynyň bu ugurdaky ornuny pugtalandyrmak boýunça özara pikir alşyldy.

Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak babatynda kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirmekde we ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda ähmiýetli boldy.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýada täze hökümet düzüldi

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan çäreler toplumy guraldy

Aşgabat Howa dialogy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Şanhaýda geçirilen emeli aň boýunça maslahatda çykyş etdi