JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä şanly 55 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

“Ýakynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparymyň çäklerinde Tbilisi şäherinde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, bildiren myhmansöýerligiňiz, mähirli kabul edendigiňiz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Biz Siziň türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde halklarymyzyň bähbidine türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu şanly günde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Gruziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Türkmenistan tahýa taýýarlamagyň sungatyny ÝUNESKO hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Ispaniýa – çempion

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar