JEMGYÝET

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda senagat tehnologik gurşaklygyny kemala getirmek boýunça taslamanyň üstünde işlemegiň wagtynyň gelendigini aýtdy.

Onuň çäklerinde türkmen we özbek hyzmatdaşlary dünýä bazaryna bäsleşige ukyply eksport harytlary we intellektual önümleri öndürmäge gönükdirilen senagat kärhanalaryny we ýokary tehnologiýaly merkezlerini döredip w eolaryň işlerini gurap bilerler.

Şeýle hem iki ýurduň serhedinde ulag-logistika merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy.

Şu mysalalrda görnüşi ýaly, iki ýurduň arasynda amala aşyrmaga gönükdirilen köp sanly taslamalaryň bardygy bellenilip, Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşiniň döredilmeginiň ileri tutulýan başlangyçlaryň biri bolup durýandygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady