BIZNES

“KazanForum”: Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi boýunça täze taslamalar hödürlener

Şu ýylyň maý aýynyň 13-18-i aralygynda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynda “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumy geçiriler. Öňde boljak forumyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň birini ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk eýelär. Onda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça täze taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Gatnaşyjylar Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň ähli ugurlary boýunça infrastrukturany ösdürmek, gatnamalaryň geografiýasyny giňeltmek, ýük gatnawlarynyň hukuk binýadyny işläp düzmek babatda pikir alyşmalar bolar. Şeýle hem täze taslamalar hödürlener.

Oňa Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, sebitleýin hökümetleriň, ulag kompaniýalarynyň, şeýle hem Eýranyň, Türkiýäniň,  Pakistanyň, Bahreýniň, Owganystanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Kataryň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we beýlekki ýurtlaryň ulag kompaniýalarynyň wekilleri gatanaşar.

Şeýle hem “Hazarýaka döwletleriň ulag hyzmatdaşlygy” atly bölümçe geçirilip, oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşyp, ulag hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşar.

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinden Hindistanyň Mumbaý şäheriniň portuna çenli uzalyp gidýän 7,2 müň kilometrlik ulag geçelgesidir.

“Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumy her ýyl Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde ýurduň Baştutany Rustam Minnihanowyň başlyklyk etmeginde geçirilýär. 2024-nji ýylda bu çärä 87 döwletden 20 müňden gowrak wekiliýet gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder