JEMGYÝET

Milli Liderimize Gyrgyzystanda Han atly bedew sowgat berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti gyrgyz milli ak öýüne baryp gördüler. Türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşant goşan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpanyň nyşany hökmünde gymmatly sowgatlar — milli gyrgyz ak öýi hem-de häzirki wagtda aýawly saklanylýan we kämilleşdirilýän senetçilik sungatynyň ösýändigine şaýatlyk edýän sowgatlyk önümler, şeýle-de Han atly bedew sowgat berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň bilelikdäki awtoulag kerweni Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna aýlanyp gördi.

Belent mertebeli myhmana milli gyrgyz at üstündäki oýunlar — Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen “žorgo”, “gök-böri” we “salburun” oýunlary görkezildi.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar