DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Gazagystanyň Almaty şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministler geňeşiniň mejlisi geçirildi. Üstümizdäki ýyl GDA guramasyna başlyklyk edýän Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy.

Şeýle hem bu duşuşyga Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow, Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan, Belarusyň daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupin, Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Özbegistan daşary işler ministriniň orunbasary Bobur Usmanow hem-de GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şeýle hem halkara gün tertibininň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn organlarynyň alyp barýan işleri seljerildi. Sergeý Lebedew bu barada hasabatlar bilen çykyş etdi.

 

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi