DÜNÝÄ

Indoneziýanyň Prezidenti täze paýtagta göçýär

Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo 10-njy sentýabrdan öz wezipe borçlaryny ýurduň täze paýtagty Nusantaradan alyp barar. Bu barada ýurduň neşirleri habar berýär.

Täze paýtagtda “Garuda” köşgi taýýar edildi. Şonuň üçin Prezident Widodo bu ýerde iş alyp baryp, özüniň wezipe borçlaryny soňra ýurduň täze saýlanan Prezidentine tabşyrar.

Prezidentiň metbugat sekretary Hasan Nasbiniň bellemegine görä, täze paýtagt Prezidenti Joko Widodonyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan taslamadyr.

Widodo paýtagty göçürmek teklibini 2019-njy ýylda öňe sürüpdi. Ilkbaşda. Kalimantan adasynda täze paýtagty döretmek göz öňünde tutulypdy. Ýöne pandemiýa bilen bu taslama ýatyryldy. Soňra Widodo 2022-nji ýylda Nusantarany täze paýtagt hökmünde yglan etdi.

Ýurduň täze saýlanan Prezidenti Prabowo Subianto hem Nusantaranyň gurluşygyny tamamlap, bu şähere göçmäge taýýardygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi