DÜNÝÄ

ABŞ bilen Eýran özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekdiler

Eýran bilen ABŞ özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekdiler. Bu resminama taraplaryň arasynda resmi gepleşikleriň başlanmagyna ýol açýar.

Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň wekili Esmail Bagaei mälim etdi.

Onuň bellemegine görä, özara düşünişmek baradaky ähtnama Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan elektron görnüşde gol çekilip, eýýäm güýje girdi.

“Ähtnama iki ýurduň prezidentleri tarapyndan gol çekildi. Häzirlikçe Ženewada gepleşik toparlarynyň gatnaşmagy baradaky meýilnama güýjünde galýar. Şeýle-de bolsa, ähtnama sanly görnüşde gol çekildi we Şweýsariýada aýratyn gol çekişlik dabarasy geçirilmez” diýip, Bagaei aýtdy.

Ýatladyp geçsek, 15-nji iýunda ABŞ bilen Eýran öz aralaryndaky meseleleri düzgünleşdirmek boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy