SPORT

Ronaldo netijeli oýun görkezmese-de, rekord goýdy

Portugaliýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo dünýä çempionatynda çykyş eden iň ýaşuly ýewropaly futbolçy boldy.

Ol ozal Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysynyň derwezeçisi Pat Jennings tarapyndan goýlan rekordy täzeledi. Jennings 1986-njy ýylda geçirilen Dünýä çempionatynda soňky oýnuna çykanda 41 ýaşyny doldurypdy. Şol gün Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysy Braziliýadan 0:3 hasabynda ýeňlip, pleý-off tapgyryna çykyp bilmändi.

Ronaldonyň hem 41 ýaşy şu ýylyň fewral aýynda doldy. Ondan uly ýaşda dünýä çempionatynda oýnan diňe üç futbolçy bar: müsürli derwezeçi Essam El-Hadari (2018-nji ýyl, 45 ýaş), kolumbiýaly derwezeçi Farid Mondragon (2014-nji ýyl, 43 ýaş) we kamerunly hüjümçi Roje Milla (1994-nji ýyl, 42 ýaş).

Portugaliýaly ýyldyz DÇ-2026-nyň iň ýaşuly futbolçylarynyň arasynda ikinji ýerde durýar. Şotlandiýanyň ýygyndysyna 43 ýaşly derwezeçi Kreýg Gordon hem girizildi, emma ol Gaitä garşy geçirilen ilkinji oýunda (1:0) ätiýaçlykda galdy.

Şeýle hem Ronaldo futbol boýunça 6 dünýä çempionatynda çykyş eden ikinji futbolçy boldy. Ol toparçalaýyn tapgyryň ilkinji duşuşygynda DR Kongo ýygyndysyna garşy başlangyç düzümde meýdança çykdy.

Ondan öň şeýle netijäni ilkinji bolup argentinaly Lionel Messi gazanypdy. Messi Alžir ýygyndysyna garşy oýunda (3:0) het-trik edip, Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky gollar boýunça rekordy gaýtalady. Şeýlelikde ol germaniýaly Miroslaw Kloze bilen deňleşip, 16 gollyk görkezijä ýetdi.

DR Kongo bilen geçirilen duşuşyk Ronaldo üçin Dünýä çempionatlaryndaky 23-nji duşuşyk boldy. Şeýlelikde ol bu görkeziji boýunça italiýaly Paolo Maldini bilen deňleşip, dördünji orna çykdy.

Dünýä çempionatlarynda has köp duşuşyk geçiren futbolçylar:
• Lionel Messi — 27 oýun
• Lotar Matteus — 25 oýun
• Miroslaw Kloze — 24 oýun
• Kristiano Ronaldo — 23 oýun

 

Ýene-de okaň

Meksika ilkinji bolup, 1/16 tapgyryna çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy

Özbegistanyň ýygyndysy ilkinji duşuşykda Kolumbiýadan ýeňildi

Lionel Messiniň dünýä çempionatyndaky täze rekordy

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer