SPORT

Arkadag şäheriniň stadionynda ilkinji duşuşyk geçiriler

1-nji iýulda Arkadag şäherinde ilkinji futbol duşuşygy guralar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan ajaýyp şäherde bina edilen 10 müň tomaşaçy orunlyk stadionda «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Duşuşygyň 18:00-da başlanmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyndan soň, «Arkadag» toparynyň ýaryş tertibiniň başyny çekýändigini ýatladýarys. «Ahal» bolsa dokuzynjy orunda barýar.

Arkadag şäherinde ýerleşýän 10 müň tomaşaçy orunlyk stadion sportuň birnäçe görnüşi boýunça türgenleşikleri guramak üçin ajaýyp mümkinçilikleri özünde jemleýär. Stadionyň futbol meýdany bolsa möhüm duşuşyklary geçirmäge uly mümkinçilik bolar. Bu ýerde 4-nji iýulda hem gyzykly duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar.

Related posts

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ten Hag “Bayer” klubynyň baş tälimçisi boldy

Tokio-2020: 26 ýyllyk rekordy täzeledi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment