DÜNÝÄ

Ilçi Tokio şäheriniň häkimini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Tokio şäheriniň häkimi Ýuriko Koike bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ösdürmek babatda pikir alyşyldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen alyp barýan syýasatyna ýokary baha berildi. Hususanda, 2025-nji ýylyň aprel we dekabr aýlarynda Tokioda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçiniň arasynda geçirilen dostlukly we konstruktiw gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem, duşuşykda Emeli aň (AI) we sanly özgeriş (DX), ykdysady, senagat we tehnologiýa alyş-çalşygy, medeniýet we syýahatçylyk alyş-çalşygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi şäheriniň häkimini iki tarap üçin amatly senelerde, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde bellenilýän döwlet çäreleriniň çäginde, Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär